Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi. «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi». Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular. Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.
Выбор основного перевода