Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy. Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy. Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.) Ýeşuwa şeýle hem bu sözleri Hudaýyň Kanun kitabyna ýazdy. Soňra ol äpet bir daşy alyp, Rebbiň mukaddes ýerindäki dub agajynyň düýbünde goýdy. Şamuweliň sözi tutuş Ysraýyla ýetdi. Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.
Выбор основного перевода