Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar, Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler. Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi. Ol ogullaryna şeýle diýdi: «Bu näme etdigiňiz boldy? Tutuş halk siziň ýaramaz işleriňiz hakynda gürrüň edýär. Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl. Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi. Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“ Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin. Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl – sizden doglanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez. Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez. Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler. Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar. Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer. Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“». Ol öz öýüni oňat dolandyrmaly, çagalarynyň hormatyny gazanyp, olara öz diýenini etdirmelidir.
Выбор основного перевода