Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.
Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi.