Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebeka bilen onuň gyrnaklary düýelere münüp, Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp, ýola rowana boldy. Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi. Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi. Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. Hyzmatkär başdan geçirenleriniň baryny Yshaga gürrüň berdi. Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi.
Выбор основного перевода