Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa baryp, eşeginden düşende, Kalep ondan: «Gyzym, näme dilegiň bar?» diýip sorady. Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi. Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady. Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».
Выбор основного перевода