Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim. Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun». Patyşa oňa: «Ýigdekçe – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Efiopiýaly: «Şa hezretleriniň duşmanlarynyň oňa zyýan ýetirmek üçin, garşysyna çykanlaryň ählisiniň başyna şol ýigidiň güni gelsin» diýdi. Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär. Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».
Выбор основного перевода