Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi. Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady. Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.
Выбор основного перевода