Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun». Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin oňa mukaddes çörekleri berdi. Bu çörekler şol gün gyzgyn çörekler bilen çalşyrylypdy. Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efodyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.
Выбор основного перевода