Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahudalar şimgon tiresine: «Biziň paýymyza düşen ýer üçin kenganlaryň garşysyna bile söweşmäge geliň. Biz hem siziň paýyňyza düşen ýer üçin söweşmäge bararys» diýdiler. Şimgonlar olar bilen bile gitdiler. Dawut alty ýüze golaý adamy bilen bile Kegiladan çykdy. Olar baryp bilen ýerlerine çenli saklanman ýörediler. Dawudyň Kegiladan gaçandygyny eşidende, Şawul ol ýere gitmek niýetinden el çekdi. Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy.
Выбор основного перевода