Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin». Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen. Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi. Soňra Ýonatan Dawuda: «Ertir Täze Aý baýramy. Seniň ýokdugyň ornuňyň boşdugyndanam belli bolar.
Выбор основного перевода