Nyşana atan ýaly edip, men şol daşa tarap üç sany peýkam ataryn.
Soňra men: „Bar, oklary tap-da getir“ diýip, bir ýetginjegi ibererin. Eger men oňa: „Oklar, hanha, bu tarapyňda, olary toplap getir“ diýäýsem, onda gelersiň. Rebden ant içýärin, bu seniň üçin howp-hatar ýok diýildigidir.