Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber. Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“ diýersiň. Ol adatdakysy ýaly diwara golaý ýerde ornaşdy. Ýonatan onuň garşysynda oturdy, Abner bolsa Şawulyň gapdalynda oturdy, Dawudyň orny boş durdy. Emma Täze Aý baýramynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi.
Выбор основного перевода