Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi. Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy. Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi. Eliý bu zenzeläni eşidip: «Bu galmagal nämekä?» diýdi. Ol adam gyssanmaç gelip, Eliýi habardar etdi. (Şol wagt Eliý togsan sekiz ýaşyndady, onuň çöňňelen gözleri oňly saýgarmaýardy.) Ýaňky adam Eliýä: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Men ol ýerden şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. «Näme boldy, oglum?» diýip, Eliý ondan sorady. «Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi. Hudaýyň sandygy agzalan badyna, Eliý oturan kürsüsinden çiň arkanlygyna derweze tarapa agyp gaýtdy. Ol garry hem agyr göwre bolansoň, boýny omrulyp jan berdi. Ol Ysraýyla kyrk ýyllap serdarlyk etdi. Onuň gelni – Pinehasyň aýaly aýy-güni ýetik göwrelidi. Hudaýyň sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasydyr adamsynyň-da ölendigi baradaky habary eşidende, ol göwresindäki çagany dogurdy, emma ol burgy agyrysyna döz gelip bilmedi. Ol demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar oňa: «Gorkma, ogluň boldy» diýdiler. Emma ol bulara ne üns berdi, ne-de jogap. Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler. Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi. Şawul ruhanylaryň galasy bolan Nop galasyny gylyçdan geçirdi, ol erkekdir aýallary, çaga-çugalary, mal-garalary, eşekleri, dowarlary – hemmesini gylyçdan geçirdi. Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi. Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода