Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň. Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň. Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin. «Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler. Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr.
Выбор основного перевода