Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny. halkyň öňünde öz ruhanylyk borçlaryna biperwaý garaýardylar. Kimdir biri gurbanlyk berende, Eliýiň ogullarynyň hyzmatkäri eline üç dişli çarşak alyp gelerdi-de, ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çarşaga ilenini alyp, ruhana bererdi. Olar sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi babatynda şeýle edýärdiler. Üstesine-de, gurbanlyk malyň ýagy heniz ýakylmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi. Eger kimdir biri: «Etiň ýagy ýanýança sabyr et, soň geregiň et bolsun» diýäýse, onda ol oňa: «Ýok, eti häzir ber, ýogsam zor bilen alaryn» diýerdi. Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler. Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.
Выбор основного перевода