Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galyňmy, gymmatbaha serpaýlarmy, garaz, diliňiziň geplän zadyny men size bererin, maňa diňe şol gyzy aýallyga berseňiz bolýar». Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir. Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy. Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.
Выбор основного перевода