Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn. Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar, Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen. Ýonatan Dawuda özüne bolan söýgüsi üçin ýene ant içirtdi, sebäbi ol Dawudy janyndan hem eziz görýärdi. Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy. Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi. Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi. Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de artykdy söýgiň maňa.
Выбор основного перевода