Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady. Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy. Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz». Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut lirasyny alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy. Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi. Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi. Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)
Выбор основного перевода