Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler. Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler. Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi. Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlylaryň eline berdi. Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi.
Выбор основного перевода