Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular. Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler. Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et». Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun! Şeýdip, biz hem beýleki milletlere meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler. Reb Şamuwele: «Diýenlerini et-de, olara bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel ysraýyllara: «Baryň, her kim öz galasyna gaýtsyn» diýdi. Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. Soňra Şamuwel olara: «Ýörüň, Gilgala gideliň-de, ol ýerde Şawulyň şalygyny täzeden tassyklalyň» diýdi. Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.
Выбор основного перевода