Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi. Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar. Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler. Tomusda gar we orak döwründe ýagyn ýaly, akmaga hem hormat ýaraşýan däldir. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-‑biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi.
Выбор основного перевода