Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn. Eý, Hudaý, Sen bizi synap barladyň, kümşüň arassalanyşy dek bizi sapladyň. Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir. Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni. Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler. Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler. Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer. Ýagşylyk eden her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere şan-şöhrat, hormat we rahatlyk berer, Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar. Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir. Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода