Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr. Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir. Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir. Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода