Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy. «Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir. Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr. Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar. Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň. Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider. Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода