Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen? Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan. Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen. Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary. Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar. Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!» Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren. Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri. Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok. Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady; olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi. Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň. Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler. Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär. Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar. Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma. Gylyçdan halas et meniň janymy, itiň penjesinden – meniň ömrümi. Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan. Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn. Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň! Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady, ony ýigrenç saýmady, Öz ýüzüni ondan kese sowmady, gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi. Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym; Rebden gorkýanlaryň öňünde berjaý ederin öz kasamlarym. Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar, Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn! Ýüregiňiz elmydama şat bolsun! Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler. Çünki patyşalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi. Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri, ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi, janyny diri saklap bilmedikler-de, Onuň öňünde tagzym ederler. Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler. Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler. Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim. Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün: Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi. Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin: Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода