Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar. Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.
Выбор основного перевода