Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň. Meniň göwün arzuwym başga biriniň tutan binýadynyň üstünde gurman, Mesihiň ady heniz eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmekdir. Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.
Выбор основного перевода