Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys. Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir. Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz. Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn. Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.
Выбор основного перевода