Şonda ikinji bir at – gyzyl at çykdy. Adamlar biri-birini öldürer ýaly, şol atla ýer ýüzüni parahatlykdan mahrum etmäge ygtyýar berlendi. Oňa uly bir gylyç hem berildi.
Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy.