Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy. Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm. Soňra men seredip durkam, iki aýalyň gelýändigini gördüm. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýärdiler. Olaryň ganaty leglegiň ganaty ýalydy. Olar ýer bilen gögüň aralygynda küýzäni göterip äkitdiler. Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr. Görsem, ine, bir ak at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde ýaý bardy. Bu atlynyň başyna bir täç geýdirildi. Ol täze ýeňişlere taýyn ýeňiji kimin çykdy. Guzy ikinji möhüri döwende, ikinji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Şonda ikinji bir at – gyzyl at çykdy. Adamlar biri-birini öldürer ýaly, şol atla ýer ýüzüni parahatlykdan mahrum etmäge ygtyýar berlendi. Oňa uly bir gylyç hem berildi. Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy. Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim. Guzy dördünji möhüri döwende, dördünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.
Выбор основного перевода