Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen milletleriniň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulak assaňyz, diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy. Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin». Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa. Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.
Выбор основного перевода