Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý. Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin, çaga-da sanap, ýazyp biler olary. Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. Çagalary öňküsi ýaly bolar, jemagaty huzurymda berkarar bolar, olara sütem edýänleri jezalandyraryn. Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn. Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr. Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn. Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir. Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler. Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar. Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,
Выбор основного перевода