Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Elimi saňa garşy uzadaryn, haramlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni, ähli ýanyklaryňy aýraryn. Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik. Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk. Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar. Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol. Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr. Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň. Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr.
Выбор основного перевода