Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn». Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin. Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olara ajy ýowşan iýdirjek, zäherli suw içirjek. Çünki Iýerusalim pygamberleriniň hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn. Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin. Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin. Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn. Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz. Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.
Выбор основного перевода