Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Eý, ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turzan Rebbe tarap öwrüliň! Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur. Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr. «Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!» Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“. Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň. Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň. Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň. Ata-babalaryňyzyň döwründen bäri siz Meniň parzlarymdan ýüz öwrüp, olary berjaý etmeýärsiňiz. Maňa tarap öwrüliň, Menem size tarap öwrülerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Emma siz: «Biz nädip öwrüleli?» diýýärsiňiz. Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.
Выбор основного перевода