Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy. Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi. Men syn edip durkam, ine, günbatardan bir erkeç peýda boldy. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň iki gözüniň ortasynda göze ilip duran bir şahy bardy. Ol kanalyň kenarynda duran, meniň gören iki şahly goçumyň ýanyna gelip, bar gazaply güýji bilen oňa okduryldy. Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy. Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy. Olaryň birinden başga bir kiçijik şah peýda boldy. Ol günorta, gündogara we owadan ýurda tarap has ulaldy. Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi.
Выбор основного перевода