Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn». «Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr. Bu ýerden ölçeg ýüpi Garep depesine çenli dogry uzalyp gider we Gowa tarap öwrüler. Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm. Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň ininiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi. «Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr. «Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň. «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir». Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
Выбор основного перевода