Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar. Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi. Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar. Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi. Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler. Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi.
Выбор основного перевода