Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň. Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler. Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy. siz beýle adamlar bilen razylaşmaň, olara gulak asmaň. Olara geçirimlilik etmäň ýa-da rehimiňiz inip, olary goramaň. bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?
Выбор основного перевода