Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin. Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz. Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady. Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar. Adam öldürme. Zyna etme. Ogurlyk etme. Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme. Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul--gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».
Выбор основного перевода