Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer. Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz. Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma. Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň.
Выбор основного перевода