Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň.
Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:
«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.