Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. Eglon ammonlylar we amalekler bilen birleşdiler we ysraýyllara zarba urup, Palma galasyny eýeledi. Onsoň ady agzalanlar turup, ýesirleri aldylar-da, olaryň arasyndaky ýalaňaçlaryna oljalardan eşikler alyp geýdirdiler. Olara eşik, çaryk geýdirip, iýmit we suw bilen üpjün etdiler; ýaralaryna ýag guýdular; ýarawsyzlaryny eşege mündürip, Ýeriho Palma galasyndaky garyndaşlaryna getirip, soň yzlaryna – Samariýa dolandylar.
Выбор основного перевода