Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».
Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň.
Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.
Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?
Ol bizi aman galdyrdy, aýagymyzy büdremekden saklady.