Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn: Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz, alkyş alarsyňyz. Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz. Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“. Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn. Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip, Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!
Выбор основного перевода