Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi. Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbe dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri sežde edilýän ýerde loly bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin. Olaryň loluçylykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.
Выбор основного перевода