Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar. Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz. Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Hudaýyňyz Reb Mendirin!» Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.
Выбор основного перевода