Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň. Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. Eger biri adama degende öldürip biljek daş bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin. Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse, ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.
Выбор основного перевода