Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa, ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler. Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar. Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere – akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar. Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler. Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar. Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik. Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar. Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz.
Выбор основного перевода